Eýranyň Daşary işler ministri bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň duşuşygy
Eýranyň Daşary işler ministri hormatly jenap Seýed Abbas Äragçi Türkmenistana amala aşyran saparynda Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti hormatly jenap Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we iki ýurduň syýasy we ykdysady pudaklarynyň iň möhüm ugurlary barada gepleşdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryna we medeni-siwilizasion arabaglanyşyklaryna üns bermek bilen, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.